Türkmen küştçi gyzlary Argentinanyň ýygyndysyndan üstün çykdy

Türkmenistanly küştçi gyzlar Samarkantda dowam edýän 46-njy Bütindünýä küşt Olimpiadasynda nobatdaky ýeňşini gazandylar. Milli ýygyndy bäşinji tapgyrda Argentinanyň toparyndan 2,5:1,5 hasabynda üstün çykdy.

Duşuşykda türkmen toparyna Jahan Rejepowa we Mähri Agamyradowa ýeňiş getirdiler. Lala Şöhradowa bolsa garşydaşy bilen deňme-deň oýnap, toparyň umumy üstünligine goşant goşdy.

Bu netijeden soň Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy 8 utuk bilen ýaryş tertibinde 190 toparyň arasynda 26-njy orna çykdy. Milli toparyň düzümine Mergen Kakabaýew tälim berýär.

Şol bir tapgyrda Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy hem Slowakiýanyň topary bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnady. Meýlis Annaberdiýew garşydaşyndan üstün çykdy, Saparmyrat Ataýew bilen Amanmuhammet Hommadow bolsa öz duşuşyklaryny deňlik bilen tamamladylar.

46-njy Bütindünýä küşt Olimpiadasy 11 tapgyrly şweýsar ulgamynda geçirilip, 27-nji sentýabrda tamamlanar.

Kerwen Annamuhammedow,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
Informatika institutynyň talyby

Çeşme: «Altyn asyr» elektron gazeti

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok