Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň we «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň arasynda ylym-bilim ulgamyndaky netijeli hyzmatdaşlyk köp ýyl bäri dowam edýär. Taraplaryň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek we giňeltmek maksady bilen ýakynda täze Ähtnama baglaşylyp, hyzmatdaşlygyň möhleti ýene-de bäş ýyl uzaldyldy.
Häzirki wagtda türkmen ýokary okuw mekdebiniň talyplary we ýaş mugallymlary her ýyl Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetinde tomusky okuw-önümçilik tejribeliklerine gatnaşyp, hünär bilimlerini we amaly başarnyklaryny kämilleşdirýärler. Şeýle hem malaýziýaly uniwersitetiň professor-mugallymlary türkmen talyplary we ýaş mugallymlary üçin dürli ugurlar boýunça umumy okuw sapaklaryny geçirýärler.
2026-njy ýylyň 19–22-nji oktýabry aralygynda «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň professory sanly ulgam arkaly Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň talyplary hem-de ýaş mugallymlary üçin «Energiýa ulgamynyň seljermesi» atly tema boýunça okuw sapaklaryny geçirýär. Sapaklaryň dowamynda häzirki wagtda ulanylýan innowasion tehnologiýalar we döwrebap usullar barada maglumat berilýär. Okuw maksatnamasyna gatnaşanlara Malaýziýanyň Tehnologiýa uniwersitetiniň ýörite sertifikatlarynyň gowşurylmagy göz öňünde tutulýar.
Baglaşylan Ähtnamanyň çäklerinde 2026–2027-nji okuw ýylynyň dowamynda malaýziýaly uniwersitetiň birnäçe professorlarynyň sanly ulgam arkaly we göni Halkara nebit we gaz uniwersitetinde okuw sapaklaryny geçirmegi meýilleşdirilýär.
Okuw sapaklarynda nebitgaz pudagy, emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, himiýa we gaýtadan işlemek ýaly ugurlara üns berler. Şeýle hem bu pudaklarda ulanylýan häzirki zaman innowasion tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň usullary boýunça talyplara hem-de ýaş mugallymlara bilim berler.
Oguljan HUDAÝBERDYÝEWA,
Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň
17-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.
Teswirler