«Ykbal öwrümi» gepleşiginiň üçünji sany ýaýlyma goýberildi

Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi jemgyýetçilik guramasynyň YouTube sahypasynda «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň üçünji sany tomaşaçylara ýetirildi. Bu gezekki gepleşigiň myhmany žurnalist, şahyr Dursun Tekäýewa boldy.

Arazbike Jumaýewanyň alyp baran söhbetdeşliginde myhman durmuşynda bolup geçen ykbal öwrümleri, döredijilige bolan garaýşy we ylhamynyň esasy çeşmeleri barada gürrüň berdi. Şeýle hem gepleşikde adamyň başdan geçirýän kynçylyklarynyň onuň durmuşyna ýetirýän täsiri barada pikir alşyldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda «Kynçylyklar adamy döwýärmi ýa-da kämilleşdirýärmi?» diýen sowal hem orta atyldy. Dursun Tekäýewa bu meselä öz durmuş tejribesinden we dünýägaraýşyndan ugur alyp, garaýyşlaryny beýan etdi.

«Ykbal öwrümi» gepleşigi jemgyýetde özboluşly orny bolan şahsyýetleriň durmuş ýoly, başdan geçiren wakalary we garaýyşlary bilen tomaşaçylary tanyşdyrmaga gönükdirilendir. Gepleşik adamyň durmuş tejribesine, içki dünýäsine we dürli ýagdaýlarda öz ýoluny tapmak ukybyna üns çekýär.

Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi jemgyýetçilik guramasy daşky gurşawy goramak boýunça işleriniň çäginde medeniýet, sungat we döredijilik ugurlaryndaky başlangyçlara hem goldaw berýär. «Ykbal öwrümi» gepleşigi guramanyň jemgyýetçilik we döredijilik taslamalarynyň biridir.

«Ykbal öwrümi» gepleşiginiň 3-nji sanyny Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi jemgyýetçilik guramasynyň YouTube sahypasynda görüp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginde
Ekologiýa bilen tanyşlygyň ilkinji ädimi: okuwçylar tebigat muzeýini gezdiler
“Ekologiýa üçin innowasiýalar we telekeçilik başlangyçlary” atly maslahat geçirildi
“Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” atly medeni çäresi geçirildi
«Kerwen ýoly» atly täze kitap çap edildi
Üns beriň, döredijilik bäsleşigi! («Bedewleriň tebigatyň gelşigi, bedew batly, at-myratly Watanym!»)
Üns beriň, döredijilik bäsleşigi! («Bedew batly, gül-gülüstan, Garaşsyz Türkmenistan» )
“Şadyýan Çagalyk”: Çagalaryň tomus dynç alyşy tebigata söýgi bilen utgaşdy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok