COP31-niň jemleýji mejlisinde esasy ylalaşyk gazanylmady

2026-njy ýylyň 22-nji noýabrynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplarynyň 31-nji maslahaty — COP31-niň jemleýji mejlisi geçirildi. Iki hepdeden gowrak dowam eden halkara gepleşikler esasy umumy ylalaşygyň kabul edilmezligi bilen tamamlandy.

9-njy noýabrda başlanan maslahat 20-nji noýabrda tamamlanmalydy. Emma howanyň üýtgemegine garşy göreş, maliýe goldawy we energiýa serişdeleri bilen bagly meselelerde ýurtlaryň arasynda umumy garaýşyň bolmazlygy sebäpli gepleşikler ýene iki gün dowam etdi.

Jemleýji tapgyrda Türkiýäniň we Awstraliýanyň bilelikdäki ýolbaşçylygynda taýýarlanan esasy çözgüt taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýöne Ýewropa Bileleşigi we beýleki birnäçe ýurt resminamanyň teklip edilen görnüşini goldamady. Munuň esasy sebäpleriniň biri taslamada gazylyp alynýan ýangyç serişdelerinden — kömürden, nebitden we tebigy gazdan tapgyrlaýyn geçmek baradaky anyk kesgitlemäniň bolmazlygydy.

Ara alnyp maslahatlaşylan beýleki möhüm meseleleriň biri ösüp barýan ýurtlara howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak üçin maliýe goldawyny artdyrmak boldy. Taslamada bu serişdeleri üç esse köpeltmek teklip edilse-de, onuň haýsy başlangyç möçbere görä hasaplanmalydygy anyk görkezilmändir. Bu ýagdaý hem gepleşiklerde pikir tapawutlarynyň saklanmagyna sebäp boldy.

COP31-niň prezidenti Murat Kurum jemleýji mejlisde taraplaryň arasynda esasy resminama boýunça umumy ylalaşygyň gazanylmandygyny mälim etdi. Şol sebäpli «Antalýa ylalaşygy» diýlip atlandyrylan esasy jemleýji çözgüt kabul edilmedi.

Muňa garamazdan, maslahatyň beýleki ugurlarynda käbir aýratyn çözgütler kabul edildi we birnäçe mesele boýunça öňegidişlik gazanyldy. Şeýle hem ozalky halkara klimat ylalaşyklarynda, şol sanda Pariž ylalaşygynda kabul edilen borçnamalaryň güýjünde galýandygy bellenildi.

COP31-de ýüze çykan garaýyş tapawutlary howanyň üýtgemegine garşy göreşde halkara ylalaşygyna gelmegiň çylşyrymlydygyny görkezdi. Maslahat umumy jemleýji resminama bilen tamamlanmasa-da, geçirilen gepleşikler ýurtlaryň öňünde duran ekologik, ykdysady we maliýe meselelerini ýene bir gezek halkara gün tertibiniň merkezine çykardy.

Maglumatlary toplan we taýýarlan:
Sapargeldi Kakabaýew,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
okuw bölüminiň başlygy, tehniki ylymlaryň kandidaty

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok