Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginde öz ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen tapawutlanan ýaşlaryň atlary belli boldy. Bäsleşigiň jemleri boýunça aýratyn zehinini görkezen gatnaşyjylar ýeňiji diýlip yglan edildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ýeňijileriň her biri Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglandy.
Baýraklylaryň arasynda ýaş aýdymçylar bilen birlikde, tans sungatynda öz ussatlygy bilen tapawutlanan zehinler hem bar. Olar ýurdumyzyň dürli okuw mekdeplerine we medeniýet ojaklaryna wekilçilik edýär.
Bäsleşigiň ýeňijileri:
Kerem Atabaýew — Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ykdysadyýet fakultetiniň 2-nji ýyl talyby;
Perhatmuhamet Esenow — Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň 4-nji ýyl talyby;
Aýlar Şöhradowa — Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby;
Baýrammyrat Ýakubow — Balkan welaýat Medeniýet müdirliginiň Etrek etrap medeniýet bölüminiň Madaw oba medeniýet öýüniň tans goýujysy;
Röwşen Kakaýew — Daşoguz welaýat Medeniýet müdirliginiň Akdepe etrap medeniýet merkeziniň tans artisti;
Atamurat Muhtarow — Lebap welaýat Medeniýet müdirliginiň Dänew etrap medeniýet bölüminiň Ýyldyz oba medeniýet öýüniň tans goýujysy;
Mähri Akmyradowa — Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň sanly ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
«Ýaňlan, Diýarym!» bäsleşiginiň ähmiýeti diňe bir ýeňijileri kesgitlemek bilen çäklenmeýär. Şeýle döredijilik bäsleşikleri ýaşlaryň aýdym-saz we sahna sungatyna bolan höwesini artdyrmak, täze zehinleri ýüze çykarmak hem-de olaryň döredijilik ýoluna goldaw bermek üçin giň mümkinçilik döredýär.
Bäsleşigiň dowamynda dürli ugurlarda çykyş eden ýaşlaryň arasynda aýratyn başarnygyny görkezenleriň öňe saýlanmagy hem häzirki türkmen sungatynda täze nesliň kemala gelýändigini görkezýär. Olaryň arasynda ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň bolmagy bolsa döredijilik bilen bilimiň utgaşýandygyny görkezýän mysallaryň biridir.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilen bu bäsleşik ýaşlaryň döredijilik üstünligini baýrak bilen belläp geçmek bilen çäklenmän, olaryň geljekki sungat ýoluna täze itergi berjek ýatdan çykmajak pursatlaryň birine öwrüldi.
Firuza Dosçanowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
5-nji ýyl talyby
Çeşme: TDH
Teswirler