Halkara Eduversal matematika olimpiýadasy geçirilýär

Indoneziýanyň “Eduversal” ylym-bilim guramasy dünýäniň mekdep okuwçylaryny I-EMC halkara onlaýn matematika olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar.

Bäsleşik onlaýn görnüşde geçiriler.

Bäsleşigiň tertibi:
13 mart 2021 – ýazylşygyň tamamlanýan senesi;
15 mart 2021 – barlag simulýasy geçiriler;
20 mart 2021 – bäsleşigiň geçirilýän güni;

Gatnaşyjy toparlary:

18 ýaşdan uly bolmadyk okuwçylaryň ählisiniň gatnaşmaga mümkinçiligi bar. Gatnaşyjylar ýaş tapawudyna görä 3 topara bölünýärler:

Başlangyç synplar (Primary), 9-12 ýaş aralygy;
Orta ýaş topary (Junior), 13-15 ýaş aralygy;
Uly ýaş topary (Senior), 16-18 ýaş aralygy;

Bäsleşigiň baýraklary:

Bu ýaryşda baýrakly orunlara we gymmatly sylaglara garaşylýar. Ýagny:
Baş baýragyň eýesi (Absolute winner)

Ilkinji üçlüge giren okuwçylara Baş baýrak garaşýar:

1-nji baş baýragyň eýesine Ipad 8th generation we e-sertifikaty;
2-nji baş baýragyň eýesine Samsung Galaxy Tab A 2019 10.1” we e-sertifikaty;
3-nji baş baýragyň eýesine All-New Kindle Paperwhite 2020 we e-sertifikat;

Beýleki gatnaşyjylar alan ýerlerine görä sertifikatlar we medallar gowşurylar.
Gatnaşmaga höwes bildirýän mekdep okuwçylary app.i-emc.com  saýty arkaly ýazylyp bilerler. Hasaba alyş tölegli esasda geçirilýär.

Geçen ýyl bu Halkara olimpiýada 36 ýurtdan 545 okuwçy gatnaşdy we türkmenistanly mekdep okuwçylary umumylykda 2 medal, ýagny 1 altyn we 1 kümüş medaly gazanmagy başardylar. Olar Aşgabat şäheriniň 86-njy orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçylary Jennet Zamanowa altyn medala we orazmämmet Saparow kümüş medala mynasyp boldular.

10 ýaşyndaky türkmenistanly okuwçy Näzik Waliýewa kiçi ýaşly okuwçylaryň arasynda geçen I-EMC’2020 halkara matematika boýunça onlaýn olimpiýadada kümüş medal gazandy.

Bu geçiriljek olimpiýada hakynda goşmaça maglumat almak üçin:
https://i-emc.com
https://eduversal.net/
emc@eduversal.net
@eduversal.indonesia
+6282286000132

Şeýle-de okaň:
Körpe matematik kümüş medal gazandy
Türkmenistanly ýaşlar 1 altyn, 1 kümüş medal gazandy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok