Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde garşylanan Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň wekiliýeti Ýaşlar forumyna gatnaşarlar

Gazagystan we Gyrgyzystan Respublikasynyň wekilleri paýtagtymyzdaky Halkara howa menziline gelip gowuşdylar.

Bu ýerde myhmanlar Merkezi Aziýa-Hytaý ýaşlar forumynyň guramaçylary we meýletinçi toparlary tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Belläp geçsek, bu forum 2023-nji ýylyň 16 – 18-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň Mary şäherinde geçiriler. Forum “Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy” diýip atlandyryldy.

Ýaşlar forumy meýilnama esasynda üç günüň dowamynda geçiriler. Merkezi Aziýa we Hytaý Halk Respublikasyndan gelen myhmanlar bu foruma gatnaşarlar.

Meýilnamanyň çäklerinde myhmanlar, ýagny goňşy ýurtlaryň wekiliýeti Aşgabat şäheriniň binägärlik gurluşyny synlamaga, taryhy we ülkäni öwreniş muzeýlerini gezip görmäge mümkinçilik alarlar.

Agşam ähli wekiliýet agzalary ýörite uçar bilen forumyň geçiriljek ýeri bolan Mary şäherine tarap uçarlar.

Şeýle-de okaň:
Ýaşlar forumyna gatnaşýan Täjigistanyň wekiliýeti Aşgabat şäherine geldi
Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy geçiriler
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň Forumyny Mary şäherinde geçirmek teklip edildi

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok