Türkmenistanyň ýokary synp okuwçylary halkara ders bäsleşigine gatnaşýar

Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň topary Gazagystan Respublikasynda uzak aralykdan fizika, matematika we informatika dersleri boýunça badalga alan Žautykowskiý halkara ders bäsleşigine gatnaşýar. Türkmenistanyň toparyna Aşgabatdan hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan zehinli we takyk derslerde çuňňur düşünjeler bilen tapawutlanýan ýokary synp okuwçylarynyň 10-sy wekilçilik edýär.

Onda dünýäniň 21 döwletinden, şol sanda Ermenistandan, Awstriýadan, Belarusdan, Daniýadan, Gruziýadan, Hindistandan, Indoneziýadan, Eýrandan, Gyrgyzystandan, Mongoliýadan, Rumyniýadan, Russiýa Federasiýasyndan, Serbiýadan, Täjigistandan, Ukrainadan, Özbegistandan, Gazagystandan we beýlekilerden zehinli ýaşlaryň 1006-sy öz ukyp-başarnyklaryny görkezerler.

Biziň toparymyzyň agzalarynyň belleýşi ýaly, köp sanly bäsdeşler bilen bilelikde halkara ders bäsleşigine gatnaşmak öz başarnygyňy has aýdyň ýüze çykarmaga, halkara derejede özüňi hem-de ukyplaryňy mynasyp görkezmek üçin ähli yhlasyňy gaýgyrman işlemäge, iň gowulardan gowusy bolmaga we elbetde, öz Watanyň abraýy üçin üstünlikli çykyş etmäge itergi berýär.

Häzirki akyl-paýhas bäsleşigi iki tapgyrda geçirilýär hem-de abraýly eminler tarapyndan baha berilýär. Bäsleşik oňa gatnaşyjylara mundan beýläk-de ösmek we takyk ylymlara bolan ukyplaryny artdyrmak üçin ajaýyp mümkinçilik berýär.

Ders bäsleşigi 12-nji ýanwara çenli dowam eder, ol tamamlanandan soň ýeňijileriň atlary yglan ediler.

Atajan Nurýagdyýew,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok