Soňky günlerde “Dünýäniň iň baý adamy” ady Amazonyň esaslandyryjysy Jeff Bezos we Tesla hem-de Space X-iň esaslandyryjysy Elon Musk-yň arasynda ýygy-ýygydan üýtgäp dur. Edil şonuň ýaly-da Dünýäniň kuwwatly ykdysadyýetine eýe bolan Hytaýda hem iň baý kişileriniň sanawy üýtgäp durýar. Bu baradaky habary haber7.com saýty habar berýär.
Hytaýdaky bazary düzgünleşdiriji guramalary we döwlet baknklaryny tankyt eden Jack Ma, Alibaba toparyna geçirilen monopoliýa garşy derňewden soň ol “Ýurdunyň iň baý adam” diýen adyny ýitirdi.
Ýatlap geçsek, Jack Ma 1964-nji ýylda doglan, Hyatýly işewür we Elektron söwda pudagynda işleýän Alibaba toparynyň esaslandyryjysydyr. Häzirki wagtda alibaba saýty hytaýda elektron söwdä pudagynda iň ägirtleriň biri hasaplanýar.
Meýlis SÄHETMYRADOW
Halkara Ynsanperwer ylymlary we
ösüş uniwersitetiniň žurnalistika
hünäriniň 3-nji ýyl talyby
Teswirler