Ýangyç hasaplaýyş ulgamyny sanlylaşdyrmak

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan “Ösüşe ak ýol” ady bilen maýa goýum taslamalarynyň nobatdaky maslahaty geçirildi.

Maslahatda ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynyň talyp ýaşlary, mugallymlar has takygy Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýa institutynyň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynyň, Türkmenistanyň Daşary Işleri ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Ýaş Alymlar Geňeşleriniň wekilleri startup üçin taslama-teklipleri bilen çykyş etdiler.

Ýangyç hasaplaýyş ulgamy:

Bu ýangyç hasaplaýyş ulgamy taslamasy Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň “Ýaş alymlar” geňeşi tarapyndan ýerine ýetirildi.
Bu programma üpjünçiligi hasapçy tarapyndan alnyp barylýan awtoulaglaryň harçlaýan ýangyjyny  awtomatiki usulda hasaplap aýlyk we ýyllyk hasabatlary özünde jemleýär. Programma üpjünçiligi  Awtoulagyň her aýda  geçen ýoluny, harçlan ýangyjyny hasaplamaga niýetlenendir. Mundan başgada sürüjiler ulagy üçin harçlanan ýangyjy we indiki aýda beriljek ýangyjyň mukdary bilen özleriniň öýjükli telefonlary arkaly edaranyň içki ulgamynda tora birikmek arkaly tanyş bolup bilerler. Hasapçy tarapyndan her aýda hasabalary çap etmek mümkinçiligine eýe bolmak bilen birlikde ol maglumatlar arhiwde saklanylýar.
Bu programma üpjünçiligi arkaly ýurdymyzyň edaralar we kärhanalardaky awtoulaglaryň aýdaky harçlanjak ýangyçlaryny (awtomatiki usulda) hasaplap bolýar.
Edaradaky we ş.m ýerlerdäki hasapçy üçin:
⦁ Her bir awtoulagy aýratynlykda hasaplamak gerek bolmaýar;
⦁ Sürüji hasabatyň netijesini hasapçynyň ýanyna barman edaranyň lokal toryna birimek arkaly özüniň mobil telefony arkaly görüp bilýär;

Ogulsuraý Allaberenowa
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok