- Ene-atanyň öz çagasyna berip bilmedik mähriniň, söýgüsiniň öwezini başga hiç zat bilen dolduryp bolmaýar.
- Öwrenmegiň iň gowy ýoly öwretmekdir.
- Akyldarlar özüniň daş sypaty boýunça adamzada, içki dünýäsiniň gözelligi, päkizeligi boýunça bolsa, ýagşyzadalara çalymdaş.
- Dostluk adamlary söýgüden hem has güýçli ýakynlaşdyrýar.
- Akyldar adamlary döwür öňe çykarýar. Olar bolsa, öz gezeginde ýaşan döwrüni beýgeldýärler.
- Durmuşyň örän gymmatlydygy bize diňe onuň iň ahyrynda belli bolýar.
- Ökünere hiç zadyň bolmany üçin ökünseň – iň ýamany.
- Adam gowy ýa-da erbet bolup dogulmaýar. Ýöne biz soňundan alan terbiýämize görä, gowulyga ýa-da erbetlige tarap özgerýäris.
- Dogan ata-eneden galan iň gymmatly mirasdyr.
- Ynsandaky iň ýagşy gylyk adamlaryň gaýgy-hasratyna şärik bolmakdyr.
- Adamy tanamak üçin ony söýmek gerek.
- Biz sulhumyz almadyklarymyza doňýürek bolýarys.
- Akan suwy, geçen wagty, dökülen abraýy yzyna gaýtaryp bolanok.
- Arzuwlaryň amala aşmagy üçin wagt gerek. Çünki kebelege hem birden ganat bitmeýär.
Saryýewa ABADAN,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby
Teswirler