«Genç» haryt nyşanly balaryçylyk önümleri öndürilýär

Sowuk howaly gyş paslynyň dowam edýän häzirki günlerinde bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny (immunitetini) ýokarlandyrmakda, dürli keselleriň, şol sanda ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almakda ary balynyň ynsan saglygy üçin peýdasy juda kändir. Ary balynyň düzüminde adam üçin zerur bolan peýdaly maddalaryň 70-siniň bardygy, onuň 100 gramynyň adam bedenine energiýanyň 335 kaloriýasyny berýändigi ylmy taýdan subut edilendir. Hut şonuň üçin hem lukmanlar ary balyny gündelik ulanmagy, limon bölejigi bilen garyp, çaýa goşup içmegi maslahat berýärler.

Ary balyna bolan islegleriň barha artýandygyna baglylykda, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabyndan telekeçi Islam Ýakubow ýurdumyzda onuň önümçiligi bilen meşgullanýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy 30 ýyl çemesi wagt bäri telekeçilik işi bilen meşgullanýar. Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň Diýar geňeşliginiň çäginde ýerleşýän hususy kärhana indi ençeme ýyllardan bäri «Genç» haryt nyşanly balaryçylyk önümlerini öndürýär. Ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa ol önümlere diňe bir welaýatyň çäginde däl, ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde-de uly isleg bildirilýär.

Häzirki wagtda kärhanada jemi 10 görnüşli ary baly öndürilýär. Bu önümler ýurdumyzyň içerki bazarlaryny, şeýle-de ýörite sargyt edýän söwda nokatlaryny bökdençsiz üpjün edýär. Kärhana önümleriniň görnüşlerini artdyryp, olary daşary ýurtlara-da eksport etmegi maksat edinýär.

Safiýa Hamrakulyýewa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok