Şu gün Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde Daşary işler ministri Raşid Meredowyň üç infrastruktura desgalaryny – “Akina – Andhoý” beketleriniň aralygynda 30 kilometrlik demir ýolunyň açylyş, Ymamnazar (Türkmenistan) – Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) – Turgundy (Owganystan) halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamyny we üstaşyr akymlary hem-de Kerki (Türkmenistan) – Şibergan (Owganystan) ugry boýunça elektrik geçirijisini işe girizmek dabaralaryna bagyşlanan metbugat brifingi geçirildi.
Oňa Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazet-žurnallaryň baş redaktorlary, milli KHBS-niň wekilleri hem-de Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurtly žurnalistler gatnaşdylar. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Ilçileri, şeýle hem 15 ýurtdan 30-dan gowrak daşary ýurt KHBS-niň wekilleri sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly bu çärä gatnaşdylar.
R.Meredow öz çykyşynyň dowamynda, öz geoykdysady we geosyýasy ähmiýetliligi bilen sebit çäklerinden çykmak bilen, Türkmenistanda we Owganystanda infrastruktura desgalarynyň gurulmagynyň türkmen we owgan çäklerinde Merkezi we Günorta Aziýany Ýewropa we Ýakyn Gündogar bilen birikdirýän ulag-kommunikasiýa aragatnaşygynyň hem-de kontinental derejede energiýa üpjünçiliginiň täze zolagynynyň emele getirýändigini aňladýandygy hakynda belledi. Bu bolsa, öz gezeginde, durnukly ösüş ulgamynyň ulag we energetika pudaklarynda Türkmenistanyň BMG-de çykyş edýän halkara başlangyçlarynyň amaly taýdan durmuşa geçirilişini aňladýar. TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy, serhetara demir ýol menzilleriniň, köprüleriň, goňşy döwletleriň we beýleki ýurtlaryň gatnaşmagynda elektrik geçirijileriň we optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlaryň gurluşygy, Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe ugry boýunça “Lapis-Lazuli” ulag geçelgesiniň işe girizilmegi boýunça işler mysal hökmünde getirildi.
Brifingiň dowamynda Türkmenistanyň Energetika ministri, Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň geňeşçisi, BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy, Aziýanyň Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky Hemişelik Wekilhanasynyň Direktory dagylar çykyş etdiler. Brifingde ahyrynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen durmuşa geçirilen bu başlangyçlarynyň elektrik energiýasynyň eksport möçberleriniň artmagyna we geografiýasynyň ulalmagyna, tutuş sebitiň ulag-üstaşyr mümkinçilikleriniň ösdürilmegine ýardam berjekdigi barada belläp, il bähbitli, sebit ähmiýetli işleri üçin köp sag bolsun aytdylar.
.
Jahan ÖRÄÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
Teswirler