Ýüplük fabriginiň iş öndürijiligi barha ýokarlanýar

Ýeňil senagatynyň önümleriniň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak, içerki bazarlarymyzy degişli harytlar bilen üpjün etmek, bar bolan çig mal serişdelerini gaýtadan işlemegiň hasabyna pudagyň girdejilerini artdyrmak babatda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň tagallalaryna mynasyp goşant goşýan Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Bäherden etrabyndaky Ýüplük fabriginiň iş öndürijiligi barha ýokarlanýar. Kärhanada ýylyň başyndan bäri önüm öndürmekde gazanylan iş görkezijileri «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň geçen dokuz aýynda 50 million 508 müň 731 manatlyk önüm öndürilip, bu babatdaky ösüş depgini 124 göterimden gowrak boldy.

Pagtanyň ýokary talaplara laýyklykda gaýtadan işlenilmegi bilen öndürilen 27/1, 34/1, 51/1 belgili dünýä ölçeglerine laýyk gelýän şeýle ýokary hilli önümlere isleg örän ýokarydyr. Ýüplükleriň agramly bölegi daşary bazara eksport edildi.

Aýbölek Ýusupowa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok