ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentligi (USAID) Merkezi Aziýanyň miwe we gök önüm eksport edijilerine ýardam edýär

16-njy oktýabr, Nur-Sultan, Gazagystan – ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentligi (USAID) dünýäde isleg bildirýän satyn alyjylaryň arasynda jikme-jik maglumatyň ýaýradylmagy üçin Merkezi Aziýanyň miwe we gök önüm eksport edijileriniň katalogyny çap etdi.

Katalogda Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan 120-den gowrak miwe we gök önüm eksport edijileriň sanawy geçýär. Bu katalogda olaryň önümleri (kategoriýalary boýunça), brendleri, satyş ugurlary we habarlaşmak üçin maglumatlary berilýär. Katalogda okyjylar üçin, Merkezi Aziýadan esasy eksport bazarlaryna miwe we gök önümlerini daşamak üçin transport we wagt çykdajylarynyň hasaplanylyşy barada, ýörite bölüm bar.

Merkezi Aziýanyň öndürijileri asyrlar boýy dürli miweleri we gök önümleri ösdürip ýetişdirýärler. Indi bolsa, olaryň köpüsi satuw bazaryny sebitden daşary giňeltmäge taýyar.

Bu katalog, USAID-iň “Bäsdeşlige ukyplylyk, söwda we iş orunlaryny döretmek» atly taslamasy tarapyndan Merkezi Aziýanyň eksport etmäge taýýar we isleg bildirýän  öndürijileri, gaýtadan işleýänleri we söwda kompaniýalaryny görkezmek üçin, şeýle hem sebitiň daşyndaky täze bazarlar üçin miweleriň we gök önümleriň sanawyny görkezmek maksady bilen amaly katalog hökmünde işlenip düzüldi. Katalog import edijiler, distribýuterler (paýlaýjylar), bölek satyn alyjylar we halkara sergileri gurnaýjylar üçin niýetlenendir.

Merkezi Aziýanyň miwe we gök önüm eksport edijileri üçin eksportyň ähli tapgyrlary barada bilimini (habarlylygyny) ýokarlandyrmak maksady bilen ýaňy-ýakynda, USAID, eksport bazarlaryna girmekligiň tapgyrlaryny beýan edýän ýörite Gollanma işläp taýýarlady. Eksport boýunça gollanma, şeýle hem, bazar öwrenişi, dünýä standartlary, bahalaryň emele gelişi, öňe sürülmegi, önümleriň gaplanylyşy, mundan başga-da halkara sergileri baradaky maglumatlary öz içine alýar, sebäbi, şeýle maglumatlara eýe bolmak – üstünlikli eksport mümkinçiliklerini has hem ýokarlandyrýar.

Bu neşirleriň ikisi hem Merkezi Aziýanyň miwe we gök önüm eksport edijileriniň bäsdeşlik ukybyny ýokarlandyrmaga we täze eksport ugurlaryna esaslanyp, adaty bazarlara baglylygyny diwersifikasiýa etmäge ýardam eder.

Merkezi Aziýanyň miwe we gök önüm eksport edijileriniň katalogynda maglumat ýerleşdirmek isleýänler ctjexportsupport@dai.com salga elektron hat ugradyp ýa-da +99365687965 belgä jaň edip ýüz tutup bilerler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok