Sport türgenleşiklerinde innowasion tehnologiýalaryň ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiz «Biziň baş maksadymyz halkymyzyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakdyr» diýmek bilen, döwletiň iň uly baýlygy bolan adamlaryň saglygyny goramakda, saglygy goraýyş ulgamyny hil taýdan täze derejelere çykarmakda uly tagallalar edýär. Milli Liderimiz tarapyndan kabul edilen döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen belent wezipelere laýyklykda, bilim ulgamynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary we tehniki enjamlary yzygiderli ornaşdyrmak üstünlikli alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bilimler we talyp ýaşlar güni, biziň bilim ojagymyz bolan türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň “Sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň” täze binalar toplumyny açyp ulanmaga bermegi biz talyp ýaşlary okamaga, öwrenmäge, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga we sport ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelemäge ruhlandyrdy.
Dünýäniň ösen tehniki serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan bilim ojagymyzda ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryna esaslanyp, sport türgenleşikleriniň ylmy taýdan gurnalmagyna ýokary mümkinçilikler döredilýär. Sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetinde ýerleşýän ylmy barlag merkezinde Bod-pod-bedeniň düzümini barlayjy ulgamlaýyn enjam, bedeniň aerob we anaerob mümkinçiligini ölçeýän metabolograf enjamy, bedeniň esasy oklaryny we duruş ýagdaýlaryny kesgitleýän 3D seljeriji enjam, türgenleriň ýüklenmede we rahat ýagdaýynda kislorody we kömürturşy gazyny ölçeýän K-5 enjamy, dag şertlerini döredýän otaglaryň bolmagy halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlarda netijeli çykyş etjek türgenleri taýýarlamakda ýokary mümkinçilikleri döredýär.
Türgenleriň türgenleşik sapaklaryndan soňra bedenlerini dikeltmek üçin dikeldiş otaglarynyň bolmagy ýokary derejeli türgenleri taýýarlamakda uly ýardam berer.
Hormatly Prezidentimiziň Türkmeniň Döwletlilik Ýörelgesi kitabynda belleýşi ýaly Sport- saglyk, rowaçlyk. Bular bolsa maksadyň we yhlasyň bütewileşmeginde hasyl bolýan arzyly maksadymyzdyr. Goý, özgerişli
durmuşda size üstünlik ýaran bolsun!!!

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport
institutynyň uly mugallymy
Enejan Borjakowa
.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport
institutynyň
sport fakultetiniň talyby
Täçsary Aşyrow.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok