Wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň Jemgyýetçilik guramalary tarapyndan “Edep bilen bagt tapylar” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu wagyz-nesihat çäresine  Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň Zenanlar guramasynyň başlygy,institutymyzyň şepagat uýasy we Kömekçi mekdebiň mugallymy hem-de institutyň talyp gyzlary gatnaşdylar.

         Çäraniň dowamynda çykyş edenler öziňi alyp barmagyň medeniýeti, sagdyn durmyş ýörelgesi, ula-kiça hormat goýma, ahlak kadalary, öziňi alyp barmak kadalary, jemgyýetçilik ýerlerde sözleýiş  medeniýeti, administratiw jogapkärçilik, käbir hukuk bozulmalar üçin milli kanunçylykda göz öňinde tutulýan jogapkärçilik, sagdyn bolmagyň, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegiň, dogry iýmitlenmegiň, dogry geýinmegiň we öziňi goramagyň düzgünleri barada giňişleýin maglumat berdiler.Ýaşlaryň arasynda tertip-düzgün, hukuk bozmalara, ýaramaz endiklere baş goşmazlygy, korrupsiýanyň we parahorlygyň biziň neslimize ýetirjek zyýanlary, “Korrupsiýa hakynda”, “Döwlet gullugy hakynda”,  we “Döwlet gullygynyň işgäriniň öziňi alyp barmagy hakyndaky” Türkmenistanyň kanunlary barada durlup geçildi.

          Kömekçi mekdebiň mugallymy öz çykyşynda öwüt-nesihatlary, edep-terbiýeçilik  tymsallary, hekaýalary, gyzykly gürrüňleri berdi. Talyplara  durmuşda dogry ýoly saýlap almaklary, arassa, halal  zähmet çekmekleri, watana wepaly ýaşlar bolup ýetişmekleri dogrusynda aýdylan gürrüňler olarda täsir galdyrdy.          Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda Berkarar döwletin bagtyýarlyk döwründe  okamaga, döretmage, işlemage, şeýle mümkinçilikleri döredip berlendigi üçin hormatly Prezidentimize  tüýs ýurekden sagbolsyn  aýdyldy. Gahryman Arkadagymyzyn janynyň sag, ömriniň uzak bolmagyny, il-yurt bähbitli, dünýa ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edildi.

GUNÇA HAMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary  institutynyň talyby.

Teswirler

Жёлтыш

Örän manyly makala, berekella Guncash