«Türkmengaz» döwlet konserniniň tamponaž müdirligine ýöriteleşdirilen KAMAZ sementleýji enjamlaryň täze tapgyry gelip gowuşdy, ol ykjamlygyň ýokary derejesi bilen häsiýetlendirilýär diýlip, «Nebit-gaz» gazetinde habar berilýär.
Täzelenen ýörite enjamlar parky tarapyndan «Galkynyş», «Kerwen», «Malaý» ýataklarynyň meýdançalarynda guýulary sementleýji enjamlar bilen berkitmek boýunça öňde durýan wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar. Şeýlelik bilen, «Galkynyş» ýatagyndaky 267-nji, 301-nji, 317-nji we 256-njy guýularda sementleýji enjamlaryň kömegi bilen, gatlaklaryň duzly-turşulykly täzeden işlenilmegi üstünlikli ýerine ýetirildi. Duz-turşulygynyň täsiri astynda gazly gatlaklarda boşluk döredi, netijede bolsa guýularyň öndürijiligi ep-esli ýokarlandy. Müdirligiň işgärleri häzirki zaman tehnik üpjünçiligiň netijesinde önümçilik görkezijilerini üzül-kesil ýokarlandyrýarlar. Şu ýylyň sekiz aýynda 19 million 988 müň manatlyk iş ýerine ýetirilip meýilnama 115,6 göterim amal edildi.
«Türkmengaz» döwlet konsernine ýöriteleşdirilen KAMAZ sementleýji enjamlar gelip gowuşdy
03.10.2020
20:07
0
Teswirler