Aşgabatda süýt önümleriniň “dostawkasy”

Aşgabat şäherinde ýaşaýanlaryň şugünlerde iň köp soraýan soraglarynyň arasynda “Süýt önümlerini onlaýn nireden sargap bolar? Ter süýt harytlaryny eltip bermek hyzmatyny haýsy dükanlar hödürleýär?”

Müşderilerinden gelen talaplary kanagatlandyrmak üçin 100haryt.com onlaýn dükany süýt harytlaryny eltip bermek hyzmatyny ýola goýdy. “Bal gaýmak”, “Aýazbaba”, “Elin”, “Zamana” ýaly haryt nyşanlarynyň öndürýän süýt, gatyk, dorag, peýnir, gaýmak, süzme önümleri her gün täzelenýär.

Müşderiler üçin ygtybarly bolar ýaly bu onlaýn platformanyň marketi hem bar. Islendik müşderi göni bu dükana gelip hem söwda edip bilýär.

100haryt.com onlaýn dükany 2016-njy ýyldan bäri hereket edýär. “Tiz, ýeňil, amatly” şygary bilen bazarda çykyş edýän bu platformada häzirki wagtda elektronika, smartfonlar, hojalyk, öý bezeg harytlary, gözellik, parfýumeriýa, himiýa serişdeleri, egin eşik, çaga, awto, sowgatlyk harytlar, haýwan iýmitleri we azyk önümleri ýaly kategoriýalarda ýüzlerçe brend, müňlerçe haryt hödürlenýär. Töleg müşderiniň gapysynda nagt ýa-da nagt däl görnüşde hödürlenýär. Eltip bermek hyzmaty irden 09:00-dan agşam 20:00 aralygynda berilýär.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok