“Akylly” örtük

“Straits-Times” neşirine salgylanyp, “Singapuryň alymlary islendik örtüge dakyp bolýan we şonuň netijesinde koronawirus keseliniň alamatlaryny bellige alýan ýörite datçikler ulgamyny döretdiler” diýip gazeta.ru habar berýär.

Bu ulgam adam bedeniniň temperaturasyny, ganyň kislorod bilen doýgunlylygyny, arterial basyşy we adamyň ýüreginiň uruş ýygylygyny ölçäp we şol maglumatlar esasynda COVID-19-yň barlygy barada netije çykarýar.

Ulgam polimer materialdan bolup, sensorlardan düzülendir. Mundan başga-da täze ulgam maglumatlary Bluetooth iberiji bilen smartfona geçirýär. Çipleriň ýörite material bilen örtülmeginiň netijesinde, olaryň çyglylyga durnukly we kabul edilýän maglumatlara duýgur bolýanlygy barada taslamany öňe süren awtorlarynyň biri Nanýansk tehnologiýa uniwersitetiniň professory Çen Sýaodun gürrüň berýär.

Bu örtük saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerine kesellilere daşdan gözegçilik etmäne mümkinçilik berýär. “Akylly” örtük diňe bir  COVID-19 pandemiýasy döwründe däl-de, umuman ilatyň saglygyna gözegçilik etmek üçin hem ulanyp bolar diýip alymlar ynandyrýarlar diýip tmcars.info internet saýty habar berýär.

Laçyn HOJAÝEWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Şeýle-de okaň:
ADT tarapyndan öndürülen “Adidas” örtükleri onlaýn satuwda
Adidas “smart” krassowka öndürip başlady

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok