Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli paýtagtda we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde dabaraly çäreler geçirildi. Baýramçylygyň esasy çäreleri Aşgabat atçylyk sport toplumynda guraldy. Bu ýerde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň, şeýle hem türkmen alabaýynyň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynda beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi.
Dabara Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalary, itşynaslar, degişli ugurlaryň hünärmenleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Medeniýet we sungat işgärleriniň, döredijilik toparlarynyň çykyşlary baýramçylyk dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýdy. Myhmanlara türkmen milli tagamlary we dürli naz-nygmatlar hödürlenildi.
Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežine barýan ýoluň ugrunda hem sergiler guraldy. Olarda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, zergärleriň we muzeý işgärleriniň işleri görkezildi. Şeýle-de Arkadag we Aşgabat şäherleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň sergi pawilýonlarynda türkmen alabaýynyň keşbini açyp görkezýän şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, fotosuratlar hem-de beýleki döredijilik işleri ýerleşdirildi.
Türkmen halkynyň milli mirasyny gorap saklamak we dünýäde wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler türkmen alabaýynyň baýramynyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Ahalteke bedewleri, türkmen alabaýlary we aw tazylary halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren özboluşly tohumlarydyr. Bu haýwanlaryň aýratyn häsiýetlerini gorap saklamakda we kämilleşdirmekde türkmen itşynaslarynyň hem-de seçgiçileriniň toplan tejribesi möhüm orun eýeleýär.
Türkmen alabaýynyň wepadarlyk, gaýduwsyzlyk we düşbülik ýaly häsiýetleri onuň özboluşly aýratynlyklarynyň hatarynda görkezilýär. Häzirki döwürde bu tohumy ösdürip ýetişdirmek, tohum aýratynlyklaryny goramak we itşynaslyk däplerini dowam etdirmek boýunça işler alnyp barylýar.
Türkmen alabaýyny ösdürip ýetişdirmek däpleri halkara derejesinde hem ykrar edildi. ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 2025-nji ýylyň dekabrynda Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň hödürlän «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly hödürnamasy kabul edildi. Bu çözgüt türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde möhüm ähmiýete eýe boldy.
Aýhan DURDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler