Hytaýyň we Ýewropanyň maliýe ulgamynyň wekilleri Parižde geçirilen duşuşykda täze maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşiklerde elektrik ulaglary, arassa energetika we sanly maliýe tehnologiýalary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezildi.
Hytaý-Ýewropa maliýe maýa goýum forumy Financial Street Forum 2026-nyň ýyllyk konferensiýasynyň çäklerinde Pekinde we Parižde bir wagtyň özünde geçirildi. Gatnaşyjylar serhetaşa senagat maýa goýumlaryny ösdürmek, üpjünçilik zynjyrlarynyň durnuklylygyny pugtalandyrmak we ykdysadyýeti ekologik taýdan döwrebaplaşdyrmak bilen bagly taslamalara garadylar.
Paris EUROPLACE guramasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Oliwýe Winýanyň bellemegine görä, Hytaý bilen Fransiýanyň sanly we ýaşyl maliýe ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri bar.
Ol maliýe aktiwlerini tokenizasiýa etmek, steýblkoinleri ulanmak we tokenleşdirilen bank goýumlaryny ösdürmek ýaly ugurlaryň geljegi uludygyny nygtady. Paris EUROPLACE Fransiýanyň maliýe bazarynyň ösüşine ýardam bermek we onuň halkara derejesindäki ornuny pugtalandyrmak bilen meşgullanýar.
Fransuz ykdysadyýetçisi Ni Sziniňçen hem arassa energetikany, şol sanda ýel energiýasyny öndürmegi we ýaşyl wodorod önümçiligini ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezdi.
Şeýle-de ol Ýewropa ýurtlarynyň howpsuzlyk taýdan strategik ähmiýete eýe bolan pudaklary we taslamalary anyk kesgitlemeginiň zerurdygyny belledi. Şol bir wagtyň özünde, beýleki ugurlarda bazar bäsdeşliginiň we maýa goýum işjeňliginiň dowam etmegi üçin amatly şertleriň saklanmalydygyny aýtdy.
Forum elektrik ulaglary, energetika, sanly tehnologiýalar we maliýe infrastrukturasynyň ösüşi boýunça Hytaýyň hem-de Ýewropanyň kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga bolan gyzyklanmanyň artýan döwründe geçirildi.
Financial Street Forum 2026-nyň dört günlük ýyllyk konferensiýasy Pekinde «Global maliýe ösüşi üçin açyk, hyzmatdaşlyga esaslanýan we hemmeleri öz içine alýan ekoulgamy döretmek» mowzugy bilen geçirilýär.
Aýlar ÝUNUSOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
Teswirler