Saglygy goraýyş ulgamynda inawasion tehnologiýalaryň orny

Saglygy goraýyş diňe bir adamlaryň saglygyny goramak bilen çäklenmän, ylmy ösüşiň hem möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň bu ulgamda amala aşyrýan özgertmeleri lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak bilen birlikde, täze ylmy gözlegleriň we innowasion çözgütleriň ösmegine hem ýol açýar.

Ýurdumyzda döwrebap lukmançylyk merkezleriniň döredilmegi, anyklaýyş we bejeriş usullarynyň kämilleşdirilmegi hünärmenleriň işini has netijeli guramaga mümkinçilik berýär. Häzirki zaman enjamlarynyň ulanylmagy keselleri ir ýüze çykarmaga, takyk diagnoz goýmaga we näsaglara ýokary hilli kömek bermäge şert döredýär.

Lukmançylyk ylmynyň ösmegi üçin hünärmenleriň taýýarlygyna hem aýratyn üns berilýär. Ýaş lukmanlaryň ylmy gözleglere gatnaşmagy, halkara tejribäni öwrenmegi we täze bilimleri önümçilige ornaşdyrmagy saglygy goraýyş ulgamynyň geljekki ösüşi üçin möhüm ähmiýete eýedir.

Sanly tehnologiýalaryň lukmançylyk ulgamyna ornaşdyrylmagy hem täze mümkinçilikleri döredýär. Elektron maglumat ulgamlary, uzak aralykdan maslahat bermek we maglumatlaryň çalt alyşylmagy lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini ýokarlandyrýar.

Netijede, saglygy goraýyş ulgamyndaky üstünlikler ylmyň ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Ylymda gazanylýan her bir täze netije adamlaryň saglygyny goramaga, jemgyýetiň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga we Türkmenistanyň durnukly ösüşine goşant goşýar.


G. IŞANKULYÝEWA,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň
Maglumat ulgamlarynyň howpsuzlygy fakultetiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok