Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly senesine bagyşlanyp, «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasy hem-de «Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan bilelikde yglan edilen «Bedew batly, gül-gülüstan Garaşsyz Türkmenistan» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy.
Bäsleşik milli gymmatlyklary, mukaddes Watanymyzy we türkmen bedewlerini çeper döredijiligiň üsti bilen wasp etmek maksady bilen geçirildi. «Makala» ugry boýunça hödürlenen eserlerde türkmen bedewiniň milli medeniýetimizdäki we taryhymyzdaky orny, halkymyzyň baý edebi mirasy, Watana bolan söýgi hem-de milli gymmatlyklaryň ähmiýeti dürli çeper-publisistik serişdeler arkaly beýan edilýär.
Netijeler boýunça baş baýraga Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Annabaýram Paýaýewiň «Buýsanja beslenen Boýnaw» atly makalasy mynasyp boldy.
I orun Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Bäşimdurdy Şadurdyýewe «Akhanyň atly arkalary» atly makalasy üçin berildi.
II orun Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri Gyzylgül Tagandurdyýewanyň «Birigenler döwleti mäkäm bolar» atly makalasyna mynasyp boldy. Şeýle hem «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm müdiri Meretgylyç Ýagmyrowyň «Kärizgenleriň kemeri» atly makalasyna berildi.
III orny Babadaýhan etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň mugallymy, žurnalist Annamyrat Berdimuhamedowyň «Allan şahyryň bedewi» atly makalasy. «Garagum» žurnalynyň uly edebi işgäri Kerimberdi Hakberdiýewiň «Dünýä seniň gözüňde, sen dünýäniň gözüňde, bedew!» atly makalasy. Şeýle-de «Güneş» žurnalynyň habarçysy Selim Rasulowyň «Bedewlerden ruhlanan ussatlar» atly makalasy bilen eýelediler.
Teswirler