«Bedew batly, gül-gülüstan Garaşsyz Türkmenistan» bäsleşiginiň hekaýa ugry boýunça ýeňijileri sylaglandy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly senesine bagyşlanyp, «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasy hem-de «Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan yglan edilen «Bedew batly, gül-gülüstan Garaşsyz Türkmenistan» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Bäsleşigiň hekaýa ugry boýunça ýeňijileri hem kesgitlenildi. Baş baýraga «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm müdiri Myrat Hudaýgulyýewiň​ «Soňky çapyş» atly hekaýasy mynasyp boldy.

I​ orun Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň web-portal bölüminiň müdiri Hojamuhammet​ Gulowa​ «Bile çykdyk ýyldyz dagyna, bedew!» atly söhbetdeşligi üçin berildi.

II orun Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Gylyçmyrat Gurbanowa «Menzili rowaç bedew» atly makalasy, ýene biri bolsa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni Mähri Toýmedowa​ «Hydyr gören bedewler» atly hekaýasy eýeledi.

III orna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy Annasoltan Babaýewanyň​ «Baba Gammar we bedewler» atly rowaýaty. Şeýle hem Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 84-nji orta mekdebiň mugallymy Allamyrat Sazakowyň​ «Bedewiň» atly goşgusyna, şeýle-de Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Öwez Gurbanýazowyň​ «Türkmen», «Bedewiň ruhy ahwaly» atly goşgulary mynasyp boldy.

Dabaranyň dowamynda döredijilik bäsleşiginiň milli gymmatlyklary, Watana bolan söýgini we tebigata aýawly çemeleşmegi çeper döredijilik arkaly wagyz etmekdäki ähmiýeti barada hem pikir alşyldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok