«Bedew batly, gül-gülüstan Garaşsyz Türkmenistan» döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

22-nji sentýabrda Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekanynda “Edebiýat we sungat” gazetiniň redaksiýasynyň hem-de “Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi” jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde yglan eden “Bedew batly, gül-gülüstan Garaşsyz Türkmenistan” atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Döredijilik bäsleşigi “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly senesine bagyşlandy. Bäsleşik ýurdumyzyň döredijilik ulgamynda zähmet çekýän hem-de edebiýata, sungata höwes bildirýän raýatlaryň döredijilik mümkinçiliklerini ýüze çykarmak bilen bir hatarda, milli gymmatlyklarymyzy çeper eserlerde wasp etmäge gönükdirildi.

Bäsleşigiň esasy maksady türkmen halkynyň aňynda we kalbynda aýratyn orun eýeleýän mukaddes Watan düşünjesiniň milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan behişdi bedewler bilen arabaglanyşygyny çeper döredijiligiň üsti bilen açyp görkezmekden ybarat boldy.

Dabaranyň dowamynda bäsleşikde tapawutlanan gatnaşyjylara sylaglar gowşuryldy. Şeýle hem döredijilik bäsleşiginiň ähmiýeti, onuň milli gymmatlyklary, Watana bolan söýgini we tebigata aýawly çemeleşmegi çeper döredijilik arkaly wagyz etmekdäki orny barada pikir alşyldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok