Google kompaniýasy göçme kompýuterler bazaryna täzeden girýändigini resmi taýdan mälim etdi. Kompaniýa «Googlebook» atly täze enjamlar maşgalasynyň ilkinji modellerine deslapky sargytlary kabul edip başlady. Bahasy 900 ABŞ dollaryndan başlanýan täze noutbuklar Acer, ASUS, Dell, HP we Lenovo ýaly iri öndürijiler tarapyndan taýýarlanyldy. ABŞ-da olaryň satuwy 4-nji oktýabrda, beýleki önümler bolsa 5-nji oktýabrdan Kanada, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa we Awstraliýada başlanar.
Googlebook enjamlarynyň esasy täzelikleriniň biri «Aluminium OS» atly täze operasion ulgamdyr. Android binýadynda işlenip taýýarlanan bu ulgam doly derejeli iş stoly platformasy hökmünde hödürlenýär. ChromeOS-dan tapawutlylykda, mobil programmalar goşmaça emulýasiýa zerurlygy bolmazdan gönüden-göni işledilýär.
Täze ulgam smartfonlar bilen hem ýakyndan birleşdirilýär. «Continue On» funksiýasy ulanyja telefonda başlan işini noutbukda şol bir ýerinden dowam etdirmäge mümkinçilik berýär. Bitewi faýl dolandyryjysy arkaly bolsa iki enjamyň faýllaryna bir wagtda girmek mümkin.
Googlebook-yň ilkinji modelleri hem ýokary tehniki görkezijiler bilen üpjün ediler. Olar Intel Core Ultra Series 3 ýa-da Qualcomm Snapdragon X Elite prosessorlary, azyndan 16 GB operatiw ýat we emeli aň amallary üçin niýetlenen NPU neýromoduly bilen enjamlaşdyrylar. Öndürijiniň maglumatlaryna görä, enjamlaryň batareýasy internet ulanylanda 16 sagada çenli işläp biler. Programmistler üçin bolsa izolirlenen Linux gurşawy göz öňünde tutulýar.
Arslan ALLALYÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
Teswirler