Çaganyň sagdyn ösüp-ulalmagynda dogry iýmitlenmegiň aýratyn ähmiýeti bar. Şol sebäpli Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak meselesine aýratyn üns berilýär. Bu ugur «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we «Sagdyn ene – sagdyn çaga – sagdyn geljek» atly Milli strategiýa bilen baglanyşykly alnyp barylýar.
Ene süýdi täze doglan çaga üçin zerur bolan esasy ýokumly maddalaryň tebigy çeşmesidir. Ol bäbegiň ýaşyna we ösýän bedeniniň zerurlyklaryna görä düzümini üýtgedip, ilkinji alty aýyň dowamynda çagany zerur ýokumly maddalar we suwuklyk bilen üpjün edýär.
Ene süýdi çaganyň bedenine ýeňil özleşýär we immun ulgamynyň kemala gelmegine ýardam edýär. Ol dürli ýokanç keselleriň, içgeçmäniň we birnäçe möwsümleýin keselleriň ýüze çykmak töwekgelçiligini azaltmaga kömek edýär. Şeýle hem çaganyň beýnisiniň, nerw ulgamynyň we beden agzalarynyň kadaly ösmeginde möhüm orun eýeleýär.
Ene süýdi bilen iýmitlendirmek çaganyň diňe beden taýdan däl, eýsem ruhy taýdan ösmegine hem täsir edýär. Ene bilen bäbegiň arasyndaky ýakyn aragatnaşyk çaganyň özüni howpsuz duýmagyna, daşky gurşawa uýgunlaşmagyna we nerw ulgamynyň sazlaşykly ösmegine ýardam berýär.
Ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň enäniň özi üçin hem peýdalary bar. Ol dogrumdan soňky döwürde bedeniň dikelmegine ýardam edýär we käbir keselleriň döremek howpuny peseldýär.
Çaganyň ilkinji döwründe ene süýdüniň ähmiýeti örän uludyr. Şonuň üçin bäbegi ene süýdi bilen iýmitlendirmek ene we çaganyň saglygynyň berkidilmeginde möhüm ädimleriň biridir.
Ene süýdi – tebigatyň çaga üçin beren iň gymmatly iýmitleriniň biridir. Her bir enäniň öz çagasyny ene süýdi bilen iýmitlendirmäge çalyşmagy onuň sagdyn ösüşi üçin möhüm şertdir.
Baýramhan Agageldiýew,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-niň talyby
Teswirler