Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda ýerli keramika önümleri ulanylýar

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda «Eziz doganlar keramika» hojalyk jemgyýetiniň öndürýän keramika önümleri ulanylýar.

Kärhana fasad plitalaryny, kafeli we keramograniti ýerli çig maldan we döwrebap önümçilik enjamlary arkaly öndürýär. Önümçilik toplumynyň ýyllyk kuwwaty 3,3 million inedördül metr keramiki bezeg plitalaryna hem-de 120 müň sany sanfaýans önümine barabardyr.

Fasad plitalary binalaryň daşky bezeginde, kafel ýaşaýyş we jemgyýetçilik desgalarynyň içki bezeginde, keramogranit bolsa pol örtüklerinde peýdalanylýar. Kärhananyň maglumatyna görä, fasad üçin öndürilýän plitalar Türkmenistanyň howa şertlerine, şol sanda ýokary temperatura we sowuga çydamlydyr.

«Eziz doganlar keramika» hojalyk jemgyýeti Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyrynda hem önümleri bilen gatnaşypdy. Häzirki wagtda kärhana şäheriň ikinji tapgyrynda gurulýan desgalaryň gurluşygyna keramika önümlerini ýetirýär.

Bu barada «Eziz doganlar keramika» hojalyk jemgyýetiniň direktory Gadam Hoşwagtow Türkmenistanyň Metbugat merkeziniň neşirinde çap edilen metbugat çykyşynda beýan edýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Metbugat merkezi — «Ýerli keramika önümleri Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda»

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok