Ýokary okuw jaýlaryna üstünlikli girmek diňe bir yzygiderli taýýarlygy däl, eýsem dogry maglumatlara wagtynda eýe bolmagy hem talap edýär. Şol sebäpli hem dalaşgärleriň iň ýakyn kömekçileriniň birine öwrülen “MenTalyp” mobil programmasy bu ýyl täze funksiýalar bilen has-da kämilleşdirildi.
Programma ýokary okuw jaýlaryna giriş synaglaryna taýýarlanýan ýaşlar üçin döredilip, okuw materiallaryny, synag maglumatlaryny we interaktiw mümkinçilikleri bir ýerde jemleýär. Täzelenen görnüşi bolsa ulanyjylara has amatly we giň mümkinçilikleri hödürleýär.
Ýokary okuw jaýlary barada doly maglumat – Programmada Türkmenistanyň ähli ýokary okuw jaýlary, fakultetleri, hünär ugurlary hem-de kabul şertleri barada giňişleýin maglumatlar ýerleşdirildi. Bu bolsa dalaşgärlere öz geljekki hünärini saýlamakda dogry karar kabul etmäge ýardam edýär.
Ähli dersler boýunça okuw materiallary – Ulanyjylar giriş synaglarynda duş gelýän dersler boýunça gysgaça we giňişleýin düşündirişleri, şeýle hem mekdep meýilnamasy we gysgaldylan meýilnama esasynda taýýarlanan temalary bir programmanyň içinde öwrenip bilýärler.
Testler arkaly bilimiňizi barlaň – Programmada dürli dersler boýunça testler ýerleşdirilip, ulanyjylar öz taýýarlyk derejesini islän wagty barlap bilýärler. Testleriň netijeleri taýýarlygyň güýçli we gowşak taraplaryny kesgitlemäge kömek edýär.
Emeli aň mugallymy – Täzelenmäniň iň gyzykly aýratynlyklarynyň biri Emeli aň mugallymy boldy. Bu funksiýa dalaşgärleriň düşünenok diýen temalaryny düşündirýär, soraglaryna jogap berýär hem-de okuw wagtynda şahsy kömekçi hökmünde hyzmat edýär.
Synaglar baradaky iň möhüm maglumatlar – Programmada giriş synaglarynyň geçiriljek seneleri, ýerleri we beýleki guramaçylyk maglumatlary yzygiderli täzelenýär. Şeýle hem dalaşgärler saýlan hünäri boýunça kabul ediljek talyplaryň sany bilen tanşyp bilýärler.
“MenTalyp” diňe bir maglumatlar toplumy däl, eýsem dalaşgärleriň giriş synaglaryna netijeli taýýarlanmagy üçin döredilen toplumlaýyn sanly platformadyr. Okuw materiallary, testler, emeli aň kömekçisi we beýleki täze mümkinçilikler programmany has amatly we peýdaly edýär.
Ýüklemek üçin: ios ulanyjylary Android ulanyjylary
Teswirler