Häzirki döwürde dünýä jemgyýetçiligi energiýa serişdeleriniň netijeli ulanylmagy we daşky gurşawyň goralmagy bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdine aýratyn üns berýär. Energetika pudagynyň durnukly ösüşini üpjün etmekde täzelenýän energiýa çeşmeleri möhüm orun eýeleýär. Gün, ýel, suw we beýleki tebigy energiýa çeşmeleri diňe bir energiýa bolan islegi kanagatlandyrmaga däl, eýsem ekologik howpsuzlygy berkitmäge hem ýardam edýär.
Türkmenistan baý tebigy serişdeleri bilen birlikde, täzelenýän energiýanyň dürli görnüşlerini ösdürmek üçin amatly tebigy şertlere eýedir. Ýurdumyzyň köp böleginde ýylyň dowamynda güneşli günleriň sanynyň ýokary bolmagy gün energiýasyny netijeli peýdalanmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Şeýle hem käbir sebitlerde ýel energiýasyny ösdürmek üçin amatly şertler bar.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda energetika pudagyny döwrebaplaşdyrmak, energiýa serişdelerini tygşytly peýdalanmak hem-de ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Täzelenýän energiýa çeşmelerini ulanmak ugurynda ylmy-barlag işleriniň geçirilmegi, täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegi we halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi bu ugurdaky mümkinçilikleri has-da giňeldýär.
Gün panelleriniň, ýel generatorlarynyň we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy elektrik energiýasynyň öndürilişiniň netijeliligini ýokarlandyrýar. Mundan başga-da, bu çözgütler howa hapalanmasyny azaltmaga, uglerod zyňyndylaryny peseltmäge hem-de tebigy serişdeleriň tygşytly ulanylmagyna ýardam berýär.
Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň ösdürilmegi diňe bir ykdysady taýdan bähbitli bolman, eýsem geljek nesiller üçin amatly daşky gurşawy döretmegiň hem möhüm şertidir. Şunuň bilen baglylykda, ýaş hünärmenleri taýýarlamak, ylmy barlaglary giňeltmek we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak aýratyn ähmiýete eýedir.
Gurbangeldi Öwlýagulyýew
Türkmen döwlet energetika institutynyň mugallymy
Teswirler