Bulut tehnologiýalary – maglumatlary dolandyrmagyň täze tapgyry

Sanly özgertmeleriň depgininiň güýçlenmegi bilen maglumatlary saklamak, işlemek we paýlaşmak meseleleri täze çözgütleri talap edýär. Şol çözgütleriň iň netijelileriniň biri hem bulut tehnologiýalarydyr. Häzirki wagtda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary, döwlet edaralary we bilim edaralary öz işlerinde bulut hyzmatlaryndan giňden peýdalanýarlar.

Bulut tehnologiýalary maglumatlary ýerli enjamlarda däl-de, internet arkaly elýeterli bolan serwerlerde saklamaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa maglumatlaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga, çykdajylary azaltmaga we dürli nokatlardan maglumatlara tiz elýeterlilik gazanmaga şert döredýär.

Soňky ýyllarda bilim ulgamynda hem bulut hyzmatlarynyň ulanylyşy giň gerime eýe bolýar. Elektron okuw platformalary, sanly kitaphanalar we onlaýn hyzmatdaşlyk gurallary bilim prosesiniň netijeliligini ýokarlandyrýar. Talyplar we mugallymlar bir wagtda dürli resminamalar bilen işläp, maglumat alyş-çalşygyny has çalt amala aşyryp bilýärler.

Türkmenistanda hem sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň çäklerinde maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň döwrebap çözgütleri işjeň ornaşdyrylýar. Bu ugurda bulut tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak döwlet edaralarynyň, kärhanalaryň hem-de bilim edaralarynyň işiniň hilini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Geljekde maglumatlaryň möçberiniň has-da artjakdygyny göz öňünde tutsaň, bulut tehnologiýalarynyň ähmiýeti hem ýokarlanar. Şonuň üçin bu ugur boýunça hünärmenleri taýýarlamak we täze çözgütleri işläp taýýarlamak döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar.

Nurjemal Bekiýewa
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok