Ýaş zehinleriň gözellik älemi

Häzirki zaman türkmen şekillendiriş we amaly-haşam sungaty özi üçin täze gözlegleriň, joşgunly taslamalaryň we uly açylyşlaryň belentligine ýetdi. Munuň nobatdaky aýdyň subutnamasy hökmünde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň guramagynda gurnalan ajaýyp döredijilik dabarasy sungat söýüjiler üçin hakyky medeni sowgada öwrüldi. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda açylan «Bagtyýar döwrümiziň gözel keşbi ýaşlarymyzyň döredijilik dünýäsinde» atly sergi özüniň baý mazmuny we täsin öwüşginleri bilen tomaşaçylaryň kalbynda uly orun eýeledi.

Bu döredijilik sergisi akademiýamyzyň zehinli talyplarynyň sungata bolan çäksiz söýgüsini eserleri bilen beýan etdi. Sergide sungat ýoluna ynamly gadam basan ýaş nakgaşlar we heýkeltaraşlar Serdar Jumaýewiň, Güljan Şöhratgeldiýewanyň, Jumamyrat Gurbanowyň, Baýly Aýnazarowyň hem-de Arzuw Ataýewiň ýerine ýetiren döwrebap baý eserleri halk köpçüligine görkezildi. Sergi zalyndaky her bir eser diňe bir reňkleriň utgaşmasy bolman, eýsem ýaş suratkeşleriň içki dünýäsini açyp görkezýär.

​Görkezilen eserleriň her birinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň ruhy, ak şäherimiz Aşgabadyň döwrebap binalary, parahat asmanymyz we asuda durmuşymyzyň şatlykly dabaralary uly çeperçilik ussatlygy bilen şekillendirilipdir. Müdümi taryhy köklere daýanýan, ýöne şol bir wagtyň özünde häzirki zaman dünýä sungatynyň inçe tärlerini özünde jemleýän heýkeller we reňkli nakgaşlyk eserleri milli mirasymyzyň dowamatydygyny ýene bir gezek subut etdi. Ýaş suratkeşleriň reňk saýlaýşynda, taryhy gahrymanlaryň keşbini ýa-da gözel tebigatymyzyň pursatlaryny özboluşly täzeçillik, ýüreklilik we erkinlik aýdyň duýulýar.

​Reňkleriň jadylaýjy dünýäsine syýahat eden her bir tomaşaçy ýaş zehinleriň kalbynyň owazyny diňläp, täzeçil sungat eserlerinden ruhy lezzet aldy we ýurdumyzyň medeniýet geljeginiň ygtybarly gollardadygyna ýene bir gezek şaýat boldy.

Hallygözel MUHAMMEDOWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok