Türkmenistanyň baýdak baýramy we Konstitusiýa güni

Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň we Konstitusiýasynyň gününiň bilelikde bellenilmegi, bu goşa baýramyň ähmiýetini we belent dabarasyyny has-da artdyrýar. Bu mukaddes seneler halkymyzyň agzybirliginiň, döwletliliginiň we sarsmaz sütünleriniň dabaralanmasydyr.

Baýramçylyk günlerinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ahal-teke bedewleriniň gatnaşmagyndaky at çapyşyklary, şowhunly konsertler we beýleki dabaraly çäreler giňden guralýar. Paýtagtymyzda ýerleşýän, belentligi 133 metre ýetýän dünýäniň iň beýik baýdak sütünleriniň biri bolan Türkmenistanyň Baş baýdagynyň ýanynda, şeýle hem welaýat merkezlerindäki baýdak meýdançalarynda baýramçylyk dabaralary yzygiderli we ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär.

Döwlet senamyzda ýaňlanýan: “Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde” diýen ylhamly setirler halkymyzyň kalbynda ebedi orun aldy. Uludan-kiçä hemmeleriň diliniň senasyna öwrülen bu jümleler türkmen halkynyň öz mukaddes Tuguna bolan çäksiz hormatyny we sarpasyny aýdyň görkezýär.

Watanymyzyň röwşen geljegini alamatlandyrýan mukaddes Döwlet baýdagymyz — biziň başymyzyň täji we milli guwanjymyzdyr. Eziz Diýarymyzyň raýatydygyma bolan buýsanjym kalbymda täze bir ruhy güýç oýaryp, Watana bolan söýgimi has-da dabaralandyrýar.

Maýagözel GARABATYROWNA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň 
Dil öwreniş bölüminiň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok