Türkmenistan IT bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürýär

Türkmenistan we “Apple” kompaniýasynyň halkara bilim maksatnamasy bolan “Apple Developer Academy” akademiýasy sanly tehnologiýalar we programmirleme ulgamy boýunça hünärmenleri taýýarlamakda, şol sanda amaly başarnyklary ösdürmek babatda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.

Bu mesele Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi Toýly Kömekowyň Neapolda ýerleşýän Fridrih II adyndaky uniwersitetiň ýanyndaky akademiýanyň ylmy direktory Jorjo Wentre bilen geçiren duşuşygynda seredildi.

Şeýle hem saparyň dowamynda uniwersitetiň rektory Matteo Lorito bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ylym, oba hojalygy hem-de durnukly ösüş ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyklaryň netijesinde hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny giňişleýin işläp taýýarlamak maksady bilen iki ýurduň ylym-bilim jemgyýetleriniň wekilleriniň özara saparlaryny guramak barada ylalaşyk gazanyldy.

“Apple Developer Academy” halkara bilim maksatnamasy bolup, ol mobil goşundylary döretmek bilen birlikde dizaýn we telekeçilik ugurlarynda hem bilim berýär. Bu ýerde okaýanlar maglumat tehnologiýalary boýunça möhüm amaly tejribeleri ele alýarlar.

Kowusmyrat BEGENÇMYRADOW,

Halkara senagatçylar we
telekeçiler uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok