Häzirki zaman dünýäsi sanlylaşma döwri bilen häsiýetlendirilýär we bu prosesiň merkezinde maglumat tehnologiýalary hem-de programmirleme durýar. Maglumat ulgamlarynyň giňden ornaşdyrylmagy döwlet dolandyryşyndan başlap, telekeçilige, bilimden saglygy goraýşa çenli ähli pudaklaryň işini düýpli özgertdi. Bu şertlerde programmirleme diňe bir tehniki başarnyk däl, eýsem ykdysady ösüşi üpjün edýän möhüm faktor hökmünde çykyş edýär.
Soňky ýyllarda emeli aň we maşyn öwrenişi ýaly ugurlar programmirlemä täze dereje getirdi. Bu tehnologiýalar maglumatlary diňe işläp çykarmak bilen çäklenmän, eýsem olaryň esasynda çaklamalar etmäge we awtomatiki kararlar kabul etmäge mümkinçilik berýär. Şeýle ösüşler sanly ykdysadyýetiň täze mümkinçiliklerini açýar.
Maglumat tehnologiýalarynyň esasy wezipesi maglumatlary ýygnamak, gaýtadan işlemek, saklamak we ulanyja elýeterli etmekden ybaratdyr. Bu prosesiň netijeli amala aşyrylmagy bolsa programmirleme arkaly üpjün edilýär. Döwrebap programmirleme dilleri we platformalary maglumat akymlaryny dolandyrmaga, awtomatlaşdyrylan ulgamlary döretmäge hem-de hyzmatlaryň tizligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Mysal üçin, bulut tehnologiýalary maglumatlary merkezi serwerlerde saklap, ulanyjylara dünýäniň islendik ýerinden elýeterlilik döredýär.
Ylmy taýdan seredilende, maglumat tehnologiýalarynyň ösüşi algoritmler teoriýasy, maglumat gurluşlary we ulgam arhitekturasy ýaly ugurlar bilen berk baglanyşyklydyr. Algoritmleriň optimizasiýasy maglumatlaryň has çalt işlenmegine, ulgam serişdeleriniň tygşytly ulanylmagyna şert döredýär. Şeýle hem uly maglumatlar (Big Data) tehnologiýasy arkaly uly göwrümli maglumatlary seljermek mümkin bolup, bu ykdysady karar kabul etmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Aýjeren BALLYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby.
Teswirler