Kiýew şäherindäki Magtymguly adyndaky kitaphanada türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýörite medeni çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy tarapyndan, Swýatoşinsk etrabynyň bilim we döredijilik guramalary bilen hyzmatdaşlykda guraldy.
“Ahalteke aty: çeper keşplerde gözellik, ýyndamlyk we asyllylyk” atly interaktiw maksatnama türkmen bedewiniň ähmiýetine bagyşlandy. Çäräniň dowamynda ýaşlar dutar we gyjak saz gurallarynda çykyş etdiler, mowzuklaýyn wideolar görkezildi hem-de ahalteke atlarynyň surat sergisi gurnaldy.
Şeýle-de çärä gatnaşyjylara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň behişdi bedewlere bagyşlanan “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Ganatly bedewler”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly eserleriniň ukrain dilindäki neşirleri hödürlendi.
Magtymguly kitaphanasynyň direktory Ýuliýa Lopata gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, medeniýetara gepleşikleri berkitmek we ýaş nesli dünýä medeni mirasyna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek üçin şeýle çäreleriň geçirilmeginiň möhümdigini belledi.
Çäräniň çäginde interaktiw sorag-jogap bäsleşigi we at şekilini çekmek boýunça ussatlyk sapagy hem geçirildi.
Remezan MYRADOW,
Halkara senagatçylar we
telekeçiler uniwersitetiniň talyby.
Teswirler