Bedew bady bilen beýik maksatlara tarap

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanly günleri taryhy wakalara beslenýär. Şolaryň iň esasylarynyň biri hem hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň “Mary — Türkmenabat” böleginiň dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berilmegidir. Bu waka ýurdumyzyň köpugurly ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek ugrundaky halkara başlangyçlarynyň iş ýüzündäki dabaralanmasydyr.

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly diňe bir ykdysady taslama däl-de, eýsem milli telekeçiligimiziň kuwwatyny görkezýän gurluşykdyr. Bu ägirt uly taslamanyň türkmen telekeçileri tarapyndan ýokary hilli ýerine ýetirilmegi, gurluşykda ýüzlerçe ýaşlaryň zähmet çekmegi guwandyrýan ýagdaýdyr. Ýoluň ugrunda gurlan döwrebap desgalar halkymyzyň eşretli durmuşyny üpjün etmäge we döwletimiziň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň ulag-logistika strategiýasy etaplaýyn we yzygiderli durmuşa geçirilýär. 2019-njy ýylda badalga berlen bu uly ýoluň 2021-nji ýylda “Aşgabat — Tejen”, 2024-nji ýylda “Tejen — Mary” bölekleri açyldy. 2026-njy ýylyň aprelinde bolsa “Mary — Türkmenabat” böleginiň açylmagy bilen, ýurdumyzyň geoykdysady kuwwatyndan netijeli peýdalanmakda täze sahypa açyldy. Bu ýol sebitiň ykdysady gatnaşyklaryny berkitmekde esasy baglaşdyryjy ulgam bolup hyzmat eder. Şeýle hem, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde 4 müň 500 hojalyga niýetlenen döwrebap şäherçäniň gurluşygyna badalga berilmegi ilatymyzyň bagtyýar durmuşy baradaky aladalaryň nobatdaky subutnamasydyr.

Halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşatmak, Watanymyzyň halkara abraýyny belende götermek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys! Gurlan ýollar, açylan binalar halkymyzyň dowamatynyň bereketi bolsun!

Annagül ÇARYÝEWA,

Kaka etrabynyň 4-nji orta mekdebiniň
türkmen dili we edebiýaty mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok