Arkadag şäherinde Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenildi

Arkadag şäheri häzirki wagtda ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda möhüm çäreleriň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrüldi. Şu ýerde geçirilen Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar hem döwrebap, bagtyýar durmuşyň aýdyň beýanyna öwrüldi. “Arkadag şäheri — ahalteke atlarynyň mekany” atly hoşallyk maslahatynda bu ýerde geçirilen möhüm çäreleriň ähmiýeti barada giňişleýin çykyşlar boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.


Maslahata gatnaşanlar ilki bilen guralan sergi bilen tanyşdylar. Sergide ýurdumyzyň atçylyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen “Galkynyş” toparynyň halkara derejesindäki üstünlikleri we dürli gymmatlyklar görkezildi. Şeýle hem Arkadagymyzyň döredijilik zehininden dörän, ahalteke bedewlerine bagyşlanan kitaplar sergide möhüm orun eýeledi.


Maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, tanymal atşynaslar, alymlar, ýaşulular we talyplar gatnaşdylar. Olar geçirilen dabaralaryň türkmen halkynyň bedewlere bolan çäksiz hormatyny we buýsanjyny aýdyň görkezýändigini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, Arkadag şäheriniň ýerleşýän ýeri taryhda ahalteke bedewleriniň watany hökmünde tanalýar.


Hoşallyk maslahatynda çykyş edenler, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýändigini, türkmen bedewleriniň dünýä ýüzündäki şöhratynyň artýandygyny aýtdylar. Şeýle hem Akhan atly bedewiň heýkeliniň we “Taýçanak” monumentiniň gurulmagynyň halkymyzyň bedewlere bolan buýsanjynyň nyşanydygy nygtaldy. “Taýçanak” monumenti özboluşly binagärlik aýratynlygy bilen bedewlere bolan söýgini hem-de halkymyzyň bu baýlyga berýän ýokary ähmiýetini şöhlelendirýär.


Myrat KAKAJANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh
fakultetiniň dünyä taryhy kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok