Halkara bagşyçylyk festiwalynda türkmen bagşylary üstünlik gazandy

2025-nji ýylyň 26-njy aprelinden 28-nji apreline çenli Özbegistanyň taryhy Hywa şäherinde halkara derejesindäki möhüm medeni çäre — IV bagşyçylyk sungaty festiwaly geçirildi. Bu halkara çärede dünýäniň 40 döwletinden gelen 200-e golaý bagşy çykyş etdi.

2019-njy ýyldan bäri yzygiderli geçirilýän bu döredijilik çäreleriniň baş maksady — bagşyçylyk sungatyny halkara derejede tanatmak we ýaşlaryň bu sahnadaky gyzyklanmasyny höweslendirmek bolup durýar. Şeýle hem bu festiwal halklaryň arasynda medeni gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen möhüm çäreleriň biri hasaplanýar.

Festiwal dürli ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda ýokary ruhy we döredijilikli ýagdaýda geçdi. Bu ýyl hem Türkmenistanyň bagşylar topary gatnaşyp, özboluşly çykyşlary bilen tomaşaçylaryň ünsüni çekmegi başardy. Topar ýurdumyzyň medeni mirasyny halkara derejede mynasyp şekilde görkezdi we eminleriň karary bilen birinji orna mynasyp boldy.

Festiwalyň baş baýragy Azerbaýjanyň “Aşyklar” toparyna gowşuryldy. Türkmenistanyň topary bilen bilelikde, Özbegistanyň bagşysy Muýassar Žumatowa hem birinji orny eýeledi. Ikinji orna Özbegistandan Ysmonžon Abdullaýew we Gazagystandan Kensulu Turikpen, üçünji orna bolsa Ziýodillo Ahmedow (Özbegistan), Aksiniýa Stepanowa (Russiýa) we Ikhagwasuren Lkhamragça (Mongoliýa) mynasyp boldular.

Festiwalyň ýeňijilerine we baýrakly orny eýelän bagşylara pul baýraklary hem-de ýörite şahadatnamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ejegyz DURDYÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok