Terbiýeçilik ähmiýetli dabara

Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Mary welaýat, Mary şäher komitetleriniň hem-de Mary  welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde gurnamaklarynda “Parahatçylyk geljege iň mukaddes mirasdyr” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu dabara Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Mary welaýat, etrap, şäher komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary we muzeý işgärleri uly ruhubelentlikde  gatnaşdylar. Ýaşlaryň taryhy we medeni ýadygärliklere bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmek, geçmiş taryhymyzyň ebedi gymmatlyklaryny wagyz etmek we ösdürmek maksady bilen geçirilen bu maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň döwletli baştutanlygynda halkymyzyň milli öwüşginli medeni mirasyny  goramak, aýawly saklamak we muzeýleşdirmek işleriniň üstünlikli alnyp barylýandygyny we  ýurdumyzda hereket edýän döwlet muzeýlerindäki gadymy türkmen taryhynyň öçmez syrlary bolan milli medeni gymmatlyklarymyzyň, taryhy tapyndylarymyzyň sanynyň barha artýandygyny uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Şeýle-de  Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda halkymyzyň geçmiş taryhyny, milli mirasyny gorap, geljekki nesillere miras goýmak, muzeý gymmatlyklarynyň üsti bilen Watanymyzyň şöhratly taryhyna söýgi döretmek, şeýle-de, muzeý hünärmenleriniň hünär ussatlygyny kämilleşdirmek dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny barha kämilleşdirip, ilatymyzy ýylyň ähli paslynda  gök önümler, miweler bilen üpjün edip ak bazarlarymyzda haryt bolçulygyny döretmek baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde, döredip berýän giň mümkinçiliklerini halkymyzyň arasynda, zähmetsöýer kärendeçileriň, ekerançylaryň, babadaýhanlaryň arasynda wagyz etmekde Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Mary welaýat, etrap, şäher komitetleriniň işgärleriniň, hünärmenleriniň öňünde durýan möhüm wezipeler dogrusynda uly buýsanç bilen belläp geçiler.  Oba hojalyk pudagyny barha ösdürip, ene topragymyzyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, oňa döwrebap ideg etmek, daşky gurşawy goramakda  Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda alyp barýan beýik maksatly işleri barada aýratyn nygtap geçdiler.  Päkligiň we tämizligiň mekany bolan türkmen topragynyň jana tenekar miwelerini, tebigatyň baky gözelligi bolan baglary, ösümlikleri, owadan gülleri goramakda, ösdürip ýetişdirmekde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda döredilýän giň mümkinçilikler dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler.

Soňra dabara gatnaşan myhmanlar Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gadymy Merwiň taryhy bölümine aýlanyp bu ýerdäki täsin eksponatlar we taryhy tapyndylar bilen içgin tanyşdylar. Türkmen halkynyň taryhda döreden şeýle ajaýyp gymmatlylary bu gezelenje gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Türkmen halkynyň taryhda birnäçe gymmatlyklary döreden halkdygyny bu muzeýde goýulan ajaýyp şaý sepleri, milli haly önümleri we milli egin-eşikleri  aýdyňlygy bilen görkezýär.

Dabara gatnaşanlar oba hojalyk pudagyny kämilleşdirip girdejili pudaga öwürmekde, ýurdumyzyň azyk bolçulygyny ýokary derejede ösdürmek ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriniň diňe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuwladylar.

Maral BAKYÝEWA,

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň
Mary şäher komitetiniň hünärmeni.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok