Maý aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler:

Maý aýynyň dowamynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy, Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Aşgabat şäheriniň güni, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, bäsleşikleri, sergileri, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle-de ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemleniler. Şunuň bilen bir hatarda, geljek aýda Liwiýa Döwletiniň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň, paýtagtymyzda «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwalyň geçirilmegi, Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde fransuz, italýan we türkmen sungat ussatlarynyň bilelikdäki çykyşlarynyň guralmagy meýilleşdirilýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok