Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Büzmeýin, Köpetdag etraplarynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümleri hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde, 2025-nji ýylyň 7-nji maýynda S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara-binasynda sagat 09:00-dan 12:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde, agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini; işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Habarlaşmak üçin salgymyz we telefon belgilerimiz:
Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi, (Aşgabat şäher häkimliginiň gulluklarynyň binasy) tel: 39-34-56
Bagtyýarlyk etraby (Aşgabat şäher häkimliginiň gulluklarynyň binasy) tel: 39-34-64
Berkararlyk etraby (Aşgabat şäher häkimliginiň gulluklarynyň binasy) tel: 39-34-71
Büzmeýin etraby (Oguzhan köçesiniň 8-nji jaýy) tel: 35-12-69
Köpetdag etraby (Aşgabat şäher häkimliginiň gulluklarynyň binasy) tel: 39-34-76
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýy, tel: 22-74-07.
Teswirler