Behişdi bedewlerimiz, köňül buýsanjy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda şan-şöhraty dünýä dolan eziz Diýarymyzda her bir günümiz toýdur baýramlara ulaşýar. Halkymyzyň buýsanjy hasaplanylýan ahalteke bedewleri ata Watanymyzda toýlarymyzyň bezegidir. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ýurdumyzda döwlet derejesinde bellenilip geçilmegi we dürli bäsleşikleriň, at çapyşyklaryň geçirilmegi bedew atyň türkmeniň ruhy dünýäsindäki ornunyň ýokarydygyny aňladýar.

Her bir halkyň ýüzi, onuň dünýä medeniýetine goşan goşandy, maddy we ruhy gymmatlyklary bilen kesgitlenýär. Türkmen halky hem asyrlaryň dowamynda umumadamzat bähbitli, naýbaşy gymmatlyklary döredip bilen halk. Şol maddy gymmatlyklaryň biri-de türkmeniň uçar ganaty, toýly günde göwün hoşy, ýowly günde baş ýoldaşy, halk zehininiň mähek daşy, gözelligiň göwher gaşy bolan ahalteke behişdi bedewlerimizdir. Gözelligiň we ýyndamlygyň naýbaşy nusgasy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewi ýurdumyzyň täze taryhy eýýamynyň okgunly ösüşiniň baş nyşanyna öwrüldi.

Şöhratly ahalteke atlary häzirki wagta çenli türkmen halkynyň milli gymmatlygy we aýratyn buýsanjy bolmagynda galýar. Ýelden ýyndam täsin atlar ählihalk dabaralaryň bezegi, türkmenleriň ruhy ganaty, hakyky buýsanjyň we galkynyşyň nyşany bolup durýar.

Türkmen bedewi özüniň owadanlygy, çydamlylygy, eýesine wepalylygy bilen dünýä halklaryny haýrana goýýan naýbaşylarynyň biridir. Gözellikde, ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk gamyşgulak türkmen bedewiniň şöhraty asyrlardan-asyrlara aşyp, dowamat-dowam boljakdygy, onuň gadyr-gymmatynyň hemişelikdigi biz ýaş nesiller üçin buýsandyryjydyr.

Ajaýyp döwrümiziň bezegine öwrülen behişdi bedewlerimiz baradaky aladany dünýä derejesine çykaran, türkmen halkynyň ykbalyny galkyndyryp, eşretli durmuşda ýaşaýan halkymyza döwletli-döwrany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Gadam SEÝLIÝEW,

Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok