Magtymguly Pyragy – parahatçylyk we ylham çeşmesi

Magtymguly Pyragy – türkmen edebiýatynyň taryhynda öçmejek yz goýan wekili, dünýä medeni mirasynyň gymmatly hazynalarynyň biridir. Onuň goşgulary diňe bir halkyň kalbynda orun tapman, eýsem, adamzat gymmatlyklaryny wasp edip, parahatçylygyň we ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýar. Hut şonuň üçin hem, Magtymgulynyň döredijiligi diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem, bütin adamzat üçin ähmiýetli hasaplanýar.

Türkmenistan özüniň köpasyrlyk medeni mirasyny dünýä ýaýmak ugrunda uly işleri alyp barýar. Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitaby hem hut şu asylly ýörelgä daýanýar. Bu neşir beýik söz ussadynyň döredijiligini çuňňur öwrenmek hem-de onuň pähim-paýhasyny dünýä ýaýmak maksady bilen taýýarlanyldy.

26-njy martda Malaýziýanyň “Sunway” uniwersitetinde Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy tarapyndan guralyp, onda ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary, şeýle hem bu uniwersitetde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar, diýip TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi M.Maşalow dabarada çykyş edip, kitabyň many-mazmuny barada giňişleýin gürrüň berdi. Ol Magtymgulynyň döredijiliginiň adamzadyň ruhy ösüşine, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleriniň ilerledilmegine goşýan uly goşandyny belledi. Şahyryň pikirleri häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda, durnukly ösüşde we halklaryň dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda möhüm esas bolup durýar.

Çäräniň ahyrynda Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitaby “Sunway” uniwersitetiniň kitaphana gaznasyna gowşuryldy. Bu bolsa Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýäniň dürli künjeklerinde öwrenilmegine we onuň beýik pelsepesiniň täze nesillere ýetirilmegine uly mümkinçilik döreder.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi halkara derejesinde uly gyzyklanma döredýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň Malaýziýada geçirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu kitap diňe bir beýik şahyryň mirasyny öwrenmek üçin däl, eýsem, halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmek, ynsanperwer düşünjeleri wagyz etmek üçin hem uly ähmiýete eýedir.

Türkmenistan öz medeni mirasyny dünýä ýaýmak boýunça tagallalaryny dowam etdirýär. Magtymgulynyň eserleri we onuň pelsepesi geljek nesiller üçin ylham çeşmesi bolup, adamzadyň agzybirligine we parahatçylygyna hyzmat etjekdigine bolsa şübhe ýok.

Nurjan BABAMYRADOW,

S.A.Nyýazow adyndaky

Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok