Magtymguly Pyragynyň: «Ýylyň dört paslynda — on iki aýda, // Remezan diýerler aýyň ýagşysyn» diýip taryplan mukaddes aýy tamamlanyp barýar. Ynha, Remezanyň ajaýyp zynatlarynyň biri bolan, Oraza ybadatynyň 27-nji gününiň öňündäki mukaddes Gadyr gijesi hem gelip ýetdi. Kuwwatlanmagyň, päklenmegiň, dileg-dogalaryňy Biribara ýetirmegiň iň wajyp we ygtybarly pursady saýylýan bu gijäniň ähmiýetidir many-mazmuny barada irki döwürlerden bäri ajaýyp pikirler, rowaýatlar ýaşap gelýär.
Dini çeşmelerde Jebraýyl perişdäniň Gurhanyň ilkinji bäş aýadyny hut Gadyr gijesinde Muhammet pygambere ýetirendigi aýdylýar. Diýmek, Gadyr gijesi asmandan ýere nuruň inmegi bilen başlapdyr. Şol nur soň sözleriň çygryna sygman, adamlaryň ýüregine çenli ornan bolmaly. Bu gijede adamlaryň biri-birine sylag-hormaty, sarpasy has üýtgeşik.
Halkymyz Gadyr gijesinde il-ulsumyzyň agzybirligini, ýurdumyzyň parahatçylygyny, Zeminiň asudalygyny hem-de öten-geçenlerini ýatlap aýat-töwir okap, doga-dileg edýär. Bu gijede halkymyz ýagşy amallary edip, ojaklarynda dürli tagamlar taýýarlaýar. Agzaçar sadakalar berilýär, goňşy-golama tagam paýlanýar, öýke-kineler unudylyp, hoşniýetli gatnaşyklar ýola goýulýar.
Hawa, aýlaryň ýagşysy Remezanyň bu gijesi, ýagny Gadyr gijesi ýyl içinde iň ajaýyp gijedir. Dini çeşmelerde nygtalyşyna görä, Gadyr gijesini aýat-dogalary okap, päk söhbetde geçirenler müň aýlap Hudaýa sygynmagyň sogabyny alýarlar. Şeýle-de bu gije adamlaryň öz kalbyndaky ownukly-irili öýke-kinelerden, kitüwlerden saplanmagy babatda hem möhüm pursatdyr.
Bu gijäniň öňüsyrasynda, ýagny 20-nji martda hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ata-babalarymyzyň wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik däplerini goldap, her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini has-da pugtalandyrmak babatda «Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda» Permana gol çekmegi halkymyzda çuňňur kanagatlanma duýgusyny oýardy.
Goý, sogaplara baý bolan Oraza aýynda, onuň mübärek Gadyr gijesinde eden arzuw-isleglerimiz hasyl bolsun! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Haknazar HALJANOW,
TSTP-nyň “Ýaş telekeçiler” merkeziniň utgaşdyryjysy.
Teswirler