Türkmenistan agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Bahreýnde geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlanýar

Türkmenistan agyr atletika boýunça milli ýygyndysy 2024-nji ýylyň dekabrynda Bahreýnde geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlyk işlerini dowam etdirýär. Häzirki wagtda türgenler Türkiýäniň Antalýa şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýärler.

Baş tälimçi Mansur Rejepowyň ýolbaşçylygynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna 30 türgen (19 erkek we 11 zenan) gatnaşýar.

Topara ýedi tejribeli hünärmen goldaw berýär: Meret Sähetmyradow, Azat Gorganow, Ahmet Saryýew, Guwanç Sahydow, Baýram Geldiýew, Gurbandurdy Amanow we Zair Guseýnow. Olaryň hemmesi dünýä çempionatynda ýokary netijeleri gazanmaga gönükdirilen okuw-türgenleşik işini guramakda möhüm orny eýeleýärler.

Türkmen agyr atletikaçylar üçin ýylyň esasy ýaryşy 4-nji dekabrdan 14-nji dekabr aralygynda Manamada (Bahreýn) geçiriljek agyr atletika boýunça 89-njy dünýä çempionatydyr. Ýaryşa üstünlikli taýýarlyk görmek üçin topar gündelik türgenleşik bilen bir hatarada her gün iki wagtyna okuw sapaklary geçýärler. Adaty sport zaldaky türgenleşiklerinden başga-da, türgenler Ortaýer deňziniň kenarlarynda maşklaryny geçýärler, bu ýokary derejeli fiziki taýýarlygy saklamaga kömek edýär we çalt dikelmäge ýardam berýär.

Antalýadaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny 21-nji noýabra çenli dowam eder, şondan soň topar Bahreýn şäherine gider we şol ýerde dünýä çempionatyndan öňki taýynlyklaryny dowam etdirer.

Ataberdi BAÝMYRADOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok