Orta geçelge boýunça ýük daşamalarynyň gerimini giňeltmek maksady bilen, Türkmenbaşy we Alýat deňiz portlarynyň arasynda yzygiderli fider gatnawyny ýola goýmak teklip edildi. Bu barada Azerbaýjanyň Ekspeditorlar assosiasiýasynyň başlygynyň orunbasary, «U.F.E. Shipping» kompaniýasynyň baş direktory Elmir Poladow 2026-njy ýylda Ýewropa Bileleşigi bilen Azerbaýjanyň arasynda geçirilen Işewürlik forumynda çykyş edip, «Report» agentligine habar berdi.
Elmir Poladow Türkmenistanyň Orta geçelgäniň mümkinçiliklerini ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini we Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň degişli infrastruktura eýedigini belledi. Onuň pikiriçe, bu port arkaly Hytaýdan Azerbaýjana konteýner ýüklerini daşamak üçin mümkinçilikler bar.
Bu ugurda netijeli ulag baglanyşygyny döretmek üçin Türkmenbaşy portunda konteýner terminalyny gurmak we Alýat porty bilen yzygiderli fider gatnawyny ýola goýmak zerur hasaplanýar.
Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, Türkmenbaşy portunyň ýyllyk geçirijilik kuwwaty 17 million tonna ýük we 400 müň konteýner daşamaga deňdir.
«Report» agentliginiň ozal Baku halkara deňiz portunyň wekili Hudaýar Hasanlä salgylanyp habar bermegine görä, Alýat portundaky konteýner terminaly häzirki wagtda ýylda 150 müň TEU (20 futluk konteýner ekwiwalenti) kuwwata eýedir. Terminalyň ikinji tapgyrynyň gurluşygy tamamlanandan soň, onuň ýyllyk geçirijilik kuwwatynyň 500 müň TEU-a ýetirilmegi meýilleşdirilýär.
Türkmenbaşy we Alýat portlarynyň arasynda yzygiderli fider gatnawynyň ýola goýulmagy Hazar deňziniň üsti bilen ýük daşamalaryny ösdürmäge we Orta geçelgäniň ulag-logistika mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam edip biler.
Myrat DAŇATAROW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
Teswirler