«Mende hiç hili ruhdan düşme ýok»

«Ykbal öwrümi» gepleşiginiň täze bölüminde şahyr Şähribossan Geldimämmedowa çykyş etdi

Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi jemgyýetçilik guramasynyň guramagynda taýýarlanylýan «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň täze bölümi tomaşaçylara ýetirildi.

Täze bölümiň myhmany şahyr Şähribossan Geldimämmedowa boldy. Gepleşigiň dowamynda döredijilik, durmuş garaýşy we ruhubelentlik bilen bagly temalar barada söhbetdeşlik geçirildi.

Bölümde şahyryň durmuş ýörelgesini beýan edýän «Mende hiç hili ruhdan düşme ýok» diýen sözleri hem söhbetiň esasy pikirleriniň biri hökmünde öňe çykýar.

Gepleşigi Arazbike Jumaýewa alyp barýar.

«Ykbal öwrümi» gepleşigi dürli ugurlarda tanalýan şahsyýetler bilen söhbetdeşlik arkaly olaryň durmuş ýoluna, döredijiligine we garaýyşlaryna tomaşaçylary ýakyndan ýetirmegi maksat edinýär.

Täze bölümi Türkmenistanyň Ekologiýa hereketiniň YouTube sahypasynda görüp bolýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok