Türkmenistanda ilkinji ýerasty gaz saklaýyş desgasyny gurmak meýilleşdirilýär

Awstriýanyň, Germaniýanyň we Türkiýäniň kompaniýalary Türkmenistanda ilkinji ýerasty gaz saklaýyş desgasyny gurmak taslamasyny amala aşyrmak üçin geçirilýän bäsleşige gatnaşýarlar. Taslamanyň ýerine ýetirijisini saýlamak boýunça bäsleşik soňky tapgyra gelip ýetdi.

Häzirki wagtda dalaşgär kompaniýalaryň hödürlän tekliplerine garamak işi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Ýakyn wagtda deslapky inženerçilik taslamalaşdyryş (FEED — Front End Engineering Design) işlerini ýerine ýetirjek kompaniýanyň ady yglan ediler.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahatynyň netijeleri boýunça geçirilen metbugat maslahatynda çykyş edip, bäsleşige jemi ýedi kompaniýanyň gatnaşýandyrlar. Dalaşgärleriň hatarynda Germaniýanyň, Awstriýanyň, Türkiýäniň we beýleki ýurtlaryň kompaniýalary bar.

Taslamanyň çäklerinde 5 milliard kub metr tebigy gazy saklamaga ukyply ýerasty desgasyny gurmak göz öňünde tutulýar. Şeýle desganyň işe girizilmegi gaza bolan möwsümleýin islegiň üýtgemelerini sazlamaga, şeýle hem tebigy gaz eksportynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berer.


Nowruzgeldi BERDIMYRADOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok